Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Galkan» Aşgabatdaky hokkeý ýaryşynyň birinji oýnunda Bahreýniň toparyny ýeňdi

Türkmenistandan «Galkan» hokkeý kluby Aşgabatda şu gün badalga alan hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň birinji tapgyrynda Bahreýnden «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny 8:1 hasap bilen ýeňdi.

«Galkanyň» hokkeýçileri oýnuň 3-nji minudynda hasaby açdylar, birinji ýarymyň ahyrynda bolsa 5:0 utup gelýärdiler. Ikinji ýarymda bahreýnliler aratapawudy azaldyp bildiler, emma üçünji ýarymda hasap 8:1-e ýetdi.
Toparlaryň ikisi hem «A» toparda çykyş edýär. Ýaryş 20-nji aprele çenli dowam eder.

Birinji oýun gününiň beýleki netijeleri:
«А» toparça

«Feniks» (Özbegistan) – «Oman Nationals» (Oman) - 11:3

«B» toparça

«Akmola» (Gazagystan) – «Team-Türkiye» (Türkiýe) - 5:3

«Adihis -Kazan» (Tatarystan Respublikasy, RF) – «Dordoý» (Gyrgyzystan) - 8:3