Soňky habarlar

Maýsa Pardaýewa dzýudo boýunça «Grand Slam Antalya 2024» halkara ýaryşynyň bürünç medalyny eýeledi

Şu günler Türkiýe Respublikasynda geçýän dzýudo boýunça «Grand Slam Antalya 2024» halkara ýaryşyndan hoş habar gelip gowuşdy.

57 kilograma çenli agram derejesinde guralan gyzlaryň ýaryşynda göreş düşekçesine çykan Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy. Ildeşimiz wýetnamly Ngos Diem Phuong Nguýeni, Günorta Afrikadan Žasmin Martini hem-de nemes türgeni Pauline Starkeni ýeňlişe sezewar etdi. Çärýek finalda bolsa fransiýaly Faiza Mokdardan asgyn geldi. Türkmen gyzy koreýaly Juhee Kimden hem üstün çykdy. Ol bürünç medal ugrundaky göreşde hytaýly Kýui Kai ahmyrda goýdy we hormat münberiniň üçünji basgançagynda ornaşdy.

Şeýlelikde, ozal hem sportuň şu görnüşinden iň abraýly ýaryşlaryň birnäçesinde netijeli çykyş eden Maýsa Pardaýewa «Grand Slam Antalya 2024» halkara ýaryşyny ajaýyp üstünligi bilen bezedi.

Türkiýe Respublikasynda geçýän ýaryşyň Pariž olimpiadasyna ýollanma gazanmak üçin zerur bolan utuklary toplamakda möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Ýaryş 31-nji martda tamamlanýar.

www.salamnews.tm