Soňky habarlar

Türkmenistanyň birinjiligi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda boks boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.  Paýtagtymyzdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynda guralan ýaryşda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan türgenleriň 150-den gowragy çykyş etdi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde paýtagtly boksçular Resul Arslanow (48 kg), Şanur Artykbaýew (51 kg), Meýlis Şadurdyýew (54 kg), Mekan Sabyrow (57 kg), Ysmail Gurbanberdyýew (60 kg), Şukuralla Annaýew (71 kg), Abdyrahman Yklymow (80 kg), Aşyrgeldi Nurýagdyýew (86 kg), Mustapa Muhammetdurdyýew (92 kg) dagy has-da tapawutlanmagy başardy.

Mary welaýatyndan Annageldi Jumamyradowyň (63.5 kg) hem-de Lebap welaýatynyň wekili Maksat Hoçiýewiň (67 kg) çykyşlary hem  1-nji orun bilen jemlendi. Daşoguz welaýatyna wekilçilik eden Samandar Haýtbaýew (75 kg) bilen Mekan Durdyýew (+92 kg) hem geçiren duşuşyklarynyň hemmesinde garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardylar.

Şeýlelikde, birinjiligiň jemi boýunça umumytoparlaýyn hasapda paýtagtymyzyň topary 1-nji orny eýeledi. Daşoguz welaýatynyň hem-de Lebap welaýatynyň toparlary degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň Hormat hatlarydyr medallary gowşuryldy.

«Türkmen sporty».