Adamzadyň tutuş taryhynyň dowamynda zenanlaryň söweşe gatnaşmaklary iň seýrek ýagdaýlarda bolupdyr. Bu ýagdaý XX asyryň başlaryna golaý, zenanlaryň we erkekleriň işiň ähli görnüşi babatda we söweş sungatynyň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi bilen özgerip başlaýar.
Zenanlar sambosy geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň başyndan Sowet Soýuzynyň bedenterbiýe edaralarynyň ählisinde döräp başlaýar. Zenan sambosynyň ilkinji topary 1938-nji ýylda Moskwanyň mekdebinde ýola goýlupdyr. Bu gyzlar zenanlar sambosynyň esasyny goýujylar bolupdyrlar. Samboçy gyzlaryň türgenleşik toparlarynyň arasynda ilkinji resmi ýaryşlar 1970-nji ýylda geçirilýär we ol tomaşaçylaryň köp sanlysyny özüne çekýär. Olar ýaryşyň ýokary derejede tomaşaly we gözellik lezzetini beriji bolandygyny belläpdirler. Zenanlaryň arasynda sambo boýunça ilkinji Dünýä çempionaty 1983-nji ýylda Ispaniýanyň Madrid şäherinde geçirildi.
Soňky onýyllyklarda zenanlaryň arasyndaky başa-baş tutluşyklara olara gatnaşýanlar bilen bir hatarda tomaşaçylar tarapyndan hem tutanýerli ösýän gyzyklanmalar aýratyn duýarlykly göze ilýär. Şunda sambo boýunça ýaryşlarda zenanlaryň hem hut erkekler bilen birmeňzeş mukdardaky agram derejelerinde çykyş edýändiklerini bellemek möhümdir.
Geçirilen dürli pikir soraşmalara görä, zenanlara (şol sanda erkeklere) söweş sungaty bilen meşgullanmaga itergi berýän sebäpleriň biri haýsydyr bir täze pişe bilen meşgullanmak islegidir. Belki, hut şu hili isleg hem zenanlaryň käbirini öz güýjüni söweş sungatynda synap görmäge iterendir.
2015-nji ýylda zenanlar Parižde geçirilen resmi Gran-pri ýaryşynda ilkinji gezek söweş sungaty boýunça bäsleşiklere gatnaşdylar. Yklym çempionatlary barada aýdylanynda bolsa, zenanlar ilkinji gezek Panamerika, şeýle-de Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlarynda geçirilen çempionatlarda söweş sungaty boýunça medallar ugrunda bäsleşiklerde çykyş etdiler.
2024-nji ýylda zenan söweş sungaty sambo boýunça yklym çempionatlarynyň we dünýä kuboklarynyň ählisiniň, şonuň ýaly-da Sambo boýunça dünýä çempionatynyň bir bölegi bolar. Indiki ýyldan başlap ol Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Bütindünýä oýunlary 2025-de görkeziler.