Soňky habarlar

Türkmenistanda aprel aýynda halkara hokkeý ýaryşy geçiriler

2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde Türkmenistanda halkara hokkeý ýaryşy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň ýygnagynda degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berildi.

Karara laýyklykda bu ýaryş dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen geçirilýär.