Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Milli talyplar federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň arasynda «Zeminiň görki — zenanlar» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi 1 — 6-njy mart aralygynda geçen ýaryş Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.
Şeýlelikde, düzzüm we küşt boýunça geçirilen bäsleşiklerde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňdeligi eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Stol tennisi boýuna geçirilen bäsleşikde Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary 3-nji orunlary eýelediler.
Woleýbol boýunça geçirilen bäsleşik hem çekeleşikli häsiýete eýe bolup, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.
Ýeňijilere Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanylan Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.
«Türkmen sporty» gazeti.