26-njy fewralda Daşogzuň 4-nji sport mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň duşuşyklary tamamlandy. Şweýsar usulyndaky ýaryşlar 11 tapgyrda geçirildi. Oňa 56 küştçi gatnaşdy. Ýurdumyzyň iň abraýly ýaryşlarynyň biri hasaplanylýan bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Allaýar Şirliýew (FIDE/Elo reýtingi — 2111) ýeňiji boldy. Ol 11 utukdan 9-syny gazandy.
Toplan utuklarynyň sany Allaýaryňky bilen deň bolan Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň Daşoguz şäherinden tälimçisi Şahruh Turaýew (reýtingi – 2183) ikinji orny eýeledi. Ol diňe goşmaça görkezijileri boýunça Allaýardan yza galdy.
Aşgabatly mekdep okuwçysy Azym Saryýew öňdebaryjylardan bary-ýogy bir utuk az gazandy we üçünji orna mynasyp boldy. Ol Elo reýtingini 80 utuk artdyrdy we ony 1900-e ýetirdi.
Birinji liganyň zenanlar toparynda Mary welaýatyndan 17 ýaşly Bägül Ezizowa ýeňiş gazandy. Serdar Annaberdiýewiň şägirdi mümkin bolan 11 utukdan 9 utuk toplamagy başardy. Munuň özi FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär ýaş küştçüniň milli derejeli ýaryşlarda gazanýan ilkinji üstünligi däldir. Ol 6, 8 we 10 ýaşly çagalaryň arasynda geçirilen ýurt birinjiliginiň we birnäçe halkara ýaryşlaryň ýeňijisidir.
«Türkmen sporty».