Soňky habarlar

Ýaşlar barha kämilleşýär

Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 3x3 basketbol boýunça (U18) Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. 10-11-nji fewralda geçen ýaryşa 18 topar gatnaşdy. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň topary 1-nji orny eýeledi. Lebap welaýatynyň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Birinjilikde öňdeligi eýelän toparyň düzüminde sport mekdebimiziň türgeni Islam Agabalaýew hem çykyş etdi. Ony ýaryşa mekdebimiziň tälimçisi Berdi Atahanow taýýarlady. Türgenimiziň şeýle ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi bizi has-da buýsandyrdy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça uly öňegedişlikler gazanyldy. Türkmen sportunyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşmak babatda biziň zähmet çekýän sport mekdebimiziň öňünde hem uly wezipeler durýar.

Biz geljekde hem ýaş türgenleriň dürli ýaryşlarda gazanjak netijeleri bilen türkmen sportunyň abraýyny has-da belende göterjekdiklerine pugta ynanýarys.

Amangeldi ÇARYÝEW,

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.