Ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegine, aňdüşünjeli, kämil bolup ýetişmegine uly täsirini ýetirýän türkmen milli oýunlarynyň çagalar tarapyndan söýlüp oýnalýandygyny bellemek gerek. Olar häzirki döwürde hem toý baýramlarymyzyň bezegi bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ünsaladasy netijesinde täze röwüşde ösdürilýär.
Golaýda milli oýunlaryň gadymylarynyň biri bolan takylatdy boýunça geçirilen Aşgabat şäheriniň çempionaty hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamy boldy. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde guralan ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy.
Oglanlaryň arasynda ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Muhammet Rejepow birinji orny eýeledi. Ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Orazmyrat Ataýew ikinji, ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Resul Gündogdyýew üçünji orunlara mynasyp boldular.
Gyzlaryň arasynda ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Näzli Rejepowa birinji orny eýeledi. Ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Täzegül Kulyýewa ikinji, ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülälek Şamuhammedowa üçünji orunlary eýelemegi başardylar.
Ýaryşyň ýeňjileri Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň medallary hemde Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
«Türkmen sporty» gazeti.