Soňky habarlar

Aziýadan Ýewropa welosipedli ýöriş

Urmuşda her bir adamyň öňünde goýýan maksady bolýar. Welosportuň muşdagy we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyzçylarynyň biri Seýdi etrabynyň medeniýet öýüniň işgäri Hudaýbergen Saparowyň hem täsin maksady bar. Ol müňlerçe kilometri welosipedli geçip, Türkiýe Respublikasyna barmagyň arzuwynda.

Elbetde, welosipedli, özem diňe ýekelikde uzak aralyga ýörişe çykmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Arzuwyny durmuşa geçirmegi ýüregine düwen Hudaýbergen aga 13-nji maýda, ýagny 47 ýaşyny dolduran güni welosipedli ýola düşüp, 16-njy maýda Türkmenabatdan Mary welaýatyna ugrady. Onuň hasaplamalaryna görä, Türkmenabatdan Stambula çenli 3 müň 600 kilometrden gowrak ýol bar. Öz şahsy rekordynda welosipedli bir günüň dowamynda geçilýän aralyk 176 kilometr bolan bolsa, bu gezek ýoluň uzaklygyny we ýörişiň dowamynda duşup biljek päsgelçilikleri, howa ýagdaýyna görä dörejek kynçylyklary göz öňünde tutup, bir günde 100 kilometr geçmegi meýilleşdirýär.

Welosipedçi ildeşimiz Lebap-Mary aralagyndaky menzilde Özbegistana tarap Fransiýadan, Angliýadan, Şweýsariýadan welosipedli gelýän daşary ýurtly myhmanlara duşandygyny, olar bilen bolan söhbetdeşlikde ýurdumyzyň asudalygy we parahatlygy, sporta berilýän ünsüň ýokarylygy türgenleriň welosipedli ýörişi Türkmenistanyň üsti bilen geçmäge iterendigi baradaky gürrüňlerini guwanç bilen ýatlaýar.

– Nesip bolsa, welosipedli Azerbaýjan Respublikasynyň hem birnäçe ýerlerine aýlanmagy göz öňünde tutýaryn. Soňra bolsa Türkiýäniň serhedinde ýerleşýän Igdir obasyna, soňra Ankara şäherine barmagy niýet edinýärin. Ankarada 2016-njy ýylda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli açylypdy-diýip, Hudaýbergen aga ruhubelentlik bilen gürrüň berýär.

Ýeri gelende bellesek, muňa Ýewropa edilen ilkinji welosipedli ýöriş

diýsegem ýalňyşmarys.

 

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly. №02, 2019