Soňky habarlar

Çagalar üçin sportuň görnüşini nädip saýlamaly?

Aslynda, sport islendik ýaşdaky adam üçin peýdalydyr. Ýöne gürrüň çagalar hakynda bolsa, onda olaryň takmynan iki ýaşdan sporta höweslendirilmegi sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine goşant bolýar. Ýaş nesliň beden işjeňligini gazanmak onuň dogry kislorod çalyşygyna, rahat uka we özüni has gowy duýmagyna ýardam edýär.

Çagalar üçin sport saýlanylanda onuň fiziki aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak zerurdyr. Eger çagaňyz galjaň, elmydama hereketde bolsa we ylgamagy gowy görýän bolsa, sportuň ýeňil atletika ýa-da suwda ýüzmek ýaly görnüşlerinde  gowy netijeler gazanyp biler. Eger çagaňyz çepbekeý bolsa, agaçlara ýa-da beýleki belentliklere çykmagy halaýan bolsa, onda ol alpinizm görnüşinde gowy netije görkezer. Şeýlelikde, ýaş nesliň sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanmaga höweslidigine üns berilse, onda dogry sport görnüşiniň saýlanmagyna şert döreder.

Ene-atalaryň sportuň görnüşi saýlanylanda çagalaryň hem pikirlerini bilmegi gerekdir. Ene-atalar köplenç özleriniň meşgul bolan ýa-da janköýerlik eden sport görnüşi bilen çagalarynyň meşgullanmagyny ündeýärler. Ýöne bu nädogry hereketdir. Eger geljekde çagaňyzy mynasyp türgen hökmünde görmek isleseňiz, onuň islegine we tebigy ymtylyşlaryna üns beriň.

 Ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň boş wagtlaryny okuw gurnaklarynda geçirmeklerini isleýärler. Goşmaça okuw sapaklary, elbetde, gowy, ýöne sport hem öz gezeginde çaganyň şahsy ösüşine goşant goşýar. Ylmy gözleglere görä, çagalaryň ösüşiniň fiziki we akyl prosessleri biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çaga näçe köp hereket etse ýa-da maşk etse, şonça-da gowy okar. Bu subut edilen hakykatdyr.

Kiçi çaga üçin sportuň görnüşini saýlanyňyzda ýene bir möhüm şert, onuň saglyk ýagdaýydyr. Ene-atalar, çagalarynyň ýagdaýyny has gowy bilýärler. Oglanjygygyň  ýa-da gyzjagazyň saglygy bilen bagly mesele ýüze çykan halatynda, oňa laýyk fiziki agyrlygy saýlamaly.

Umuman, çagalaryň sport bilen meşgullanmagy, diňe bir saglygyna däl, eýsem Watanymyzyň sport abraýyny barha artdyrar.

Şirin ŞIRLIÝEWA,

žurnalist.