2023-nji ýylyň 28-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda Hytaýyň Çendu şäherinde geçirilen XXXI tomusky Bütindünýä Uniwersiada taryhyň bir bölegine öwrüldi.
Türkmenistanyň wekilleri ýeňil atletika, uşu, suwda ýüzmek we dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşdylar. Uşu boýunça Türkmenistanyň çempiony, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýgözel Gurbangeldiýewa 52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
Medallaryň sanawynda oýunlaryň guramaçysy bolan Hytaýyň ýygyndysyna taý tapylmady (178 medal: 103 altyn, 40 kümüş, 35 bürünç). Dürli görnüşli medallaryň 93-sine eýelik eden (21-29-43) Ýaponiýa umumy sanawda 2-nji orna mynasyp boldy. Günorta Koreýanyň ýygyndysy 58 medal (17-18-23) bilen ilkinji 3-lige girdi.
Çendu şäherinde geçirilen tomusky Bütindünýä Uniwersiada gatnaşan 113 ýurduň 6500 töweregi talyp türgeni sportuň 18 görnüşinde medallaryň 269 toplumy ugrunda bäsleşdi.