Russiýa Federasiýasynyň çäginde geçirilen «Ýüpek ýoly 2023» atly halkara ralli ýaryşy 2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Awtomobil sporty boýunça ýygyndy toparyndan jemi 3 sany sport awtoulagy («Nissan Patrol» 3 sany) we 3 sany tehniki hyzmat etmek üçin awtoulaglar gatnaşdy.
9 tapgyrdan ybarat ýaryşda türkmenistanly türgenler üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Netijde, Awtomobil sportunyň «T2» ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyna wekilçilik edýän Merdan Toýlyýew (sürüji) bilen Şöhrat Toýlyýew (şturman) ybarat ekipaž 2-nji orny eýeledi (231 belgide çykyş etdiler). Sürüji Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy (şturman Didar Orazmedowdan) bolsa ýaryşy 3-nji orunda tamamlady (232 belgide çykyş etdiler).
2022-nji ýylda guralan «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde türkmen toparlary tutuşlygyna hormat münberini eýeläpdiler. Şonda Merdan Toýlyýewiň ekipažy ýeňiji bolupdy. Şamyrat Gurbanowyň ekipažy 2-nji, Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy hem 3-nji orny eýeläpdi.