2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, täze Arkadag şäheriniň dabaraly açylyş çäresi bolup geçdi.
Ähli babatda täze bolan bu ajaýyp şäheriň binýady Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýardamy bilen tutuldy
Arkadag şäheri XXI asyryň innowasion tehnologiýalarynyň we ylmy şähergurluşyk ugrunyň bir ýere jemlenen merkezidir. Şäheri gurmakda ulanylan dürli ylmy-tehniki çözgütleriň, häzirki zaman IT tehnologiýalarynyň özara çylşyrymly utgaşmasy netijesinde, şäher «Akylly şäher» diýen kesgitlemä eýe boldy.
Bu «Akylly şäher» iň häzirki zaman infrastrukturasy we ýeke-täk maglumatlar binýady bolan şäherdir. Onuň gurluşyk işleri ekologiýa babatda howpsuzlyk talaplaryna, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýaly smart-ulgamlary ornaşdyrmaga esaslanan konsepsiýa laýyklykda alnyp baryldy. Şol sanda jemgyýetçilik ulaglary çygrynda elektrobuslary we elektromobilleri peýdalanmak göz öňünde tutuldy.
Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüreginde ýurdumyzda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmeler bilen bagly ägirt uly buýsanç duýgulary joş urýar. Geljege gönükdirilen «Akylly şäher» bolan Arkadag şäheri bilen bagly halkymyzyň gaýnap-joşýan şatlygy muňa aýdyň şaýatlyk edýän ýakymly ýagdaýdyr.