Soňky habarlar

Möhüm meýilnamanyň çäginde

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Ilat gaznasy we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler meýilnamasyny» milli derejede durmuşa geçirmek bilen bagly maslahat üstünlikli geçirildi.

Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde «Kümüş halka» ady bilen geçen basketbol boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiliginiň ýeňijilerine sylag gowşurylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we döwletimiziň oňyn hyzmatdaşy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Lebap welaýatynyň degişli edara-kärhanalarynyň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň raýatlary, sport janköýerleri gatnaşdylar.

Ýaş gyzlaryň we oglanlaryň gatnaşmagynda geçen «Kümüş halka» atly ýaryş diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy. «Kümüş halka» atly basketbol ýaryşynyň ýeňijileri bäsleşigiň üçünji gününde yglan edildi. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda Türkmenabadyň birinji, ikinji we üçünji toparlary öňdäki üçlügi düzdüler. Oglanlaryň ýaryşynda Çärjew etrabynyň Farap topary hemmelerden rüstem çykdy. Türkmenabadyň birinji we ikinji toparlart şondan soňky orunlary eýelemegi başardylar.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Bu ýerde ýurdumyzda sportuň ösmegine, onuň halkara derejesinde dabaralanmagyna, sport diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamynda mynasyp rowaçlandyrylmagynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Mähri AÇYLOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we

sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmeni