Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde guralan 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty jemlendi.
Birinjilik ýetginjek türgenleriň 100-e golaýyny bir ýere jemledi.
Ýekeleýin ýaryşda oglanlaryň arasynda paýtagtymyzdan Süleýman Hudaýberdiýew ýeňiji boldy. Lebap welýatyndan Aly Geldiýew ikinji, Aşgabat şäherinden Nazargeldi Amangeldiýew üçünji orny eýeledi. Gyzlaryň ýekelikdäki ýaryşynda Aşgabat şäherinden bolan türgenler Sülgün Işankuliýewa, Aýlar Karabaýewa we Anna Ponýatowa dagy üçlügi düzdi.
Jübütleýin ýaryşlarda oglanlardan Aly Geldiýew we Begençgeldi Hümmetow jübüti ýeňiş gazandy. Kerimgeldi Welibegow hem-de Gowşut Söýünow jübüti ikinji ýeri eýeledi. Gyzlaryň jübütlikdäki ýaryşynda paýtagtly ýetginjekler Anna Ponýatowa bilen Sülgün Işankuliýewa ýeňşe ýetdi. Aýlar Karabaýewa bilen Näzli Hudaýgulyýewa bolsa ikinji boldy.
Bu ýaryş şu ýylyň iýun aýynyň birinji on günlüginde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar.