Soňky habarlar

Türkmen hokkeýiniň nobatdaky üstünligi

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy topary dünýä çempionatynyň Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçirilen III diwizionyndaky çykyşyny üstünlikli jemledi. Munuň özi hokkeý boýunça milli mekdebimiziň kämil binýadynyň kemala gelýändigini görkezdi. 

Diwiziona ildeşlerimizden başga-da, ýer eýeleri bolan GAR-yň, Lýuksemburgyň, Hytaý Taýpeýiniň hem-de Tailandyň ýygyndy toparlary wekilçilik etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bu garşydaşlarynyň ikisini — Lýuksemburgy hem-de Tailandy ýeňmegiň hötdesinden geldi we 6 utuk toplady. Ildeşlerimiz Lýuksemburgy 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Tailandy bolsa 6:3 hasaby bilen ýeňdiler.

Şeýlelikde, ildeşlerimizden başga-da, Tailandyň we GAR-yň ýygyndylary 6 utuk toplamagy başardy. Özara duşuşyklaryň netijeleriniň ildeşlerimiziň peýdasyna bolmagy türkmen ýygyndysyny diwizionda ikinji orna çykardy.

Diwizionyň kümüş medalynyň gowşurylmagy türkmen hokkeýçilerini täze ýeňişlere ruhlandyrdy.

«Türkmen sporty» gazeti.