Soňky habarlar

Hokkeý boýunça türkmen ýygyndysy «Ak Bars» topary bilen duşuşdy

Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy toparynyň Kazan şäheriniň «Ak Bars» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygy geçdi.

Hokkeý muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan «Ak Barsyň» tejribeli hünärmenleridir oýunçylary türkmen ýygyndysynyň çykyşyna ýokary baha berdiler. Elbetde, munuň özi hokkeý boýunça milli mekdebimiziň barha kämilleşýändiginiň nyşanydyr.

«Ak Bars» bilen bolan oýun ýygyndy toparymyz üçin ajaýyp tejribe boldy. Çünki ýene sanlyja günden hokkeý boýunça türkmen ýygyndysyna möhüm synag garaşýar. 17 — 23-nji aprel aralygynda türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatynyň Günorta Afrika Respublikasynda boljak üçünji diwizionynda çykyş eder.

Aslynda milli ýygyndy toparymyzyň dünýä çempionatynyň diwizionlaryndaky çykyşlary, ýetginjekler ýygyndymyzyň bolsa golaýda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçen 18 ýaşa çenli hokkeýçileriň arasyndaky Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň zolaklaýyn ýaryşynda gazanan üstünligi hokkeý boýunça milli mekdebimiziň gelejeginiň has-da uludygyny äşgär edýär. Şol sebäpden hem, biz türkmen ýygyndysyna nobatdaky abraýly ýaryşda hem ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

«Türkmen sporty» gazeti.