Türkmen türgenleri Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde geçýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünliklere eýe bolýarlar.
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjek gyzlar ýygyndy toparynyň türgeni, Aşgabat şäheriniň 104-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Ogulşat Amanowa 45 kg agram derejesinde çykyş edip, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Kolumbiýadan, Wýetnamdan, Indoneziýadan, Ekwadordan, Filippinlerden, Ukrainadan, Maltadan, Ispaniýadan bolan türgenleriň ählisinden ýokary netije görkezmegi başardy. Ol silterläp galdyrmakda 71 kg agyrlygy boýun egdirip, kümüş, itekläp götermekde 85 kg netije bilen altyn medallara eýe çykdy. Umumy 156 kg netijesi onuň iki görnüşiň jemi boýunça hem altyn medal gazanmagyna getirdi. Şeýlelikde, ildeşimiz ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy.
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjek oglanlar ýygyndy toparynyň türgeni, «Olimp» orta sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow 61 kg agram derejesinde bäsleşdi. Ol Özbegistandan, Ermenistandan, Italiýadan, Wýetnamdan, Indoneziýadan, Moldowadan, Filippinlerden we Tailanddan bolan iň güýçli türgenleriň arasyndaky bäsleşikde çempionlyga diýseň ýakyn geldi. Silterläp galdyrmakda 114 kg netije bilen altyn, itekläp 144 kg görkeziji bilen kümüş medal gazanan zehinli türgen umumylykda hem 258 kg agramlyk görkeziji bilen kümüş medala mynasyp boldy.
Ýaryş dowam edýär.
«Türkmen sporty» gazeti.