Soňky habarlar

Ýaş futbolçylaryň «altyn» ýeňşi

Russiýanyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar kubugy-2019» ady bilen 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara futbol ýaryşynda «Gaýyş pökginiň» türkmenistanly ussatlary ynamly ýeňiş gazandylar.

Türkmenistandan başga-da,  ýaryşyň guramaçylaryna wekilçilik edýän iki topar  (sebitiň ýygyndysy we «Wolgar»), Gazagystandan iki topar (milli ýygyndy we «Kurmangazy»),  «Lotos» (Russiýanyň Galmygystan Respublikasy) we «Nebitçi» (Azerbaýjan) toparlary ýaryşa gatnaşdylar. Bäsleşik aýlawly görnüşde geçirilip, Astrahan oblosytynyň «Wolgar» sebitleýin sport taýýarlaýyş» merkezinde guraldy.

Ýaşajyk ildeşlermiziň ýeňşi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki Eziz Annamuhammedowyň taýýarlan topary ilkinji gezek halkara ýaryşynda çykyş edip, ýeke gezek hem utulman, dört duşuşykda ýeňiş gazandy, iki oýny bolsa deňme-deň tamamlady.

 

Dmitriý  Gorşkow («Нейтральный Туркменистан» gazeti),

žurnalist

Surata düşüren Dörtguly Myratgulyýew.