Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatyndan gelip gowşan hoş habar türgenlerimiziň Pariž Olimpiadasyna uzaýan ýoluň menzillerini ynamly külterleýändiklerini görkezýär.
Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy toparynyň agzasy Hekim Agamämmedow 66 kliograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy.
Ildeşimiz üçünji orun üçin guralan tutluşykda Beýik Britaniýadan bolan Çarl Ýangy ýeňmegiň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, türkmen türgeniniň ynamly çykyşy onuň olimpiýa ballaryny hem toplamagyna esas boldy.
Şol agramdaky ýaryşda ukrainaly türgen Nikita Goloborodko birinji orna eýe çykdy. Gazagystanly Gumar Kyrgyzbaýew ikinji ýeri gazansa, üçünji orunlaryň ýene birini ermenistanly Artýom Galaçýan eýeledi.
Häzirki wagtda bolsa türkmenistanly dzýudoçylar Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde geçýän «Grand Slam» halkara ýaryşynda çykyş edýärler. Biz ildeşlerimize bu ýaryşda hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
«Türkmen sporty» gazeti.