24 – 26-njy dekabrda 2005 – 2007-nji ýyllar aralygynda doglan ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň gatnaşmagynda geçirilen uşu boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň «Gökje» sport desgasynda guralan ýaryşda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan uşuçy ýaşlar ýeňiş ugrunda göreş alyp bardylar.
Ýaryşyň toparlaýyn netijesi boýunça Aşgabat şäheri öňe saýlandy. Oglanlaryň arasyndaky bäsleşikde Hekim Ahmedow (42 kg), Gudrat Berdiliýew (52 kg), Seýdulla Akmämmedow (65 kg), Şöhrat Rejepow (70 kg), Gurbangeldi Ataýew (75 kg) hem-de Şatlyk Agabaýew (+75 kg) paýtagtymyzyň toparynyň ýeňşine gazanan birinji orunlary bilen şärik boldular. Toparlaýyn ikinji orny eýelän Ahal welaýatyndan Hemra Halmyradow (48 kg) hem-de Hezret Öwezgeldiýew (56 kg) baş baýraga mynasyp boldular. Umumy hasap boýunça üçünji orny Lebap welaýatynyň topary eýeledi. Bu topardan Kemal Abduliýew (45 kg) öz agramynda garşydaşlarynyň ählisini ýeňlişe sezewar etdi. Mundan başga-da, oglanlaryň ýaryşynda daşoguzly türgen Gaýgysyz Galandarow (60 kg) hem altyn medala eýe çykdy. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda bolsa 56 kg-de daşoguzly Merjen Aşyrowa, 60 kg-de Marydan Ogulşat Hirimowa, 75 kg-de bolsa Ahal welaýatyndan Yrada Tadşiýewa taý gelen bolmady. Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýaryşyň ýeňijileri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Uşu federasiýasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandy.
«Türkmen sporty».