Soňky habarlar

Sport ýaryşlary dowam edýär

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň düzümine girýän görnüşler boýunça sport ýaryşlary geçirilýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary suwda ýüzmek, ýeňil atletika, woleýbol (gyzlar), badminton (oglanlar we gyzlar), düzzüm (oglanlar-gyzlar), şaşka (gyzlar-oglanlar), stol tennisi (oglanlar we gyzlar), basketbol (gyzlar we oglanlar 3x3), woleýbol, sambo (oglanlar), grek-rim göreşi (oglanlar), bilýard, dzýudo, milli göreş, futbol boýunça bäsleşdiler.

Şeýle-de,  Türkmenistanyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary we Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylary «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň maksatnamasyna girýän görnüşler boýunça guralan ýaryşlara gatnaşdylar.

Häzirki wagtda professor-mugallymlaryň arasyndaky bäsleşikler dowam edýär.

 

www.sportcom.gov.tm