Güneşli ýurdumyzda 2022-nji ýyl şanly wakalara, şol sanda dürli sport baýramçylyklaryna beslenip tamamlanýar. Okyjylaryň öňden habarly boluşlary ýaly, şanly ýyl türkmen atletikaçylarymyza halkara giňişliginde ynamly ýeňişleri we üstünlikleri getirdi.
Bu sport baýramçylyklaryna ýurdumyzyň geljekki ýokary derejeli türgenleri bolan talyp we okuwçy ýaşlarymyz hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýurdumyzda özleri üçin geçirilýän gyzykly sport çäreleri bolan Spartakiadalara we Uniwersiadalara işjeň gatnaşyp, ýokary bahalara mynasyp bolýarlar.
Häzirki günlerde hem bu möhüm sport bäsleşikleri gyzgalaňly dowam edýär. Däp bolşy ýaly, olar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralýar. Olar suwda ýüzmek, ýeňil atletika, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, 3х3 basketbol, kuraş, erkin göreş, grek-rim göreşi, futzal, basketbol, badminton, gandbol, welosport we boks ýaly sport görnüşlerini öz içine alýar.
Spartakiada we Uniwersiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary hem işjeň gatnaşyp, güýçlerini, başarnyklaryny synap görýärler.
Şular ýaly sport çäreleri 2023-nji ýylda hem dowam etdiriler. Biz bu oýunlara gatnaşýan ýaşlarymyza şowlulyk we üstünlik arzuw edýäris.