Soňky habarlar

Bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň ähmiýeti dabaralanýar

Şu günler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen maslahatlar geçirilýär.

4-nji noýabrda şeýle maslahatlaryň ilkinjisi guraldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdylar. Bu maslahat «Bedenterbiýe we sport bilen sagdynlyga tarap» diýlip atlandyryldy. Paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlaryna usuly maslahat bermek maksady bilen guralan çäre diýseň çuň mazmuny bilen tapawutlandy.

Ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemegiň hem-de fiziki işjeňligi ösdürmegiň esasy şertleri bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň ähmiýetine daýanmakdyr. Çünki bedenterbiýe ýaşlaryň saglygyny berkitmäge, ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmaga oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi bedenterbiýäniň we sportuň döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýän ugurlardygyny görkezýär. Maslahatda edilen çykyşlarda hem bu hakykat ähmiýetli deliller bilen beýan edildi. Bedenterbiýe mugallymlaryna berlen usuly maslahatlar olar üçin diýseň täsirli boldy.

Şeýle maslahatlar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler. 

«Türkmen sporty» gazeti.