Türkmenistanyň ikinji derejeli futbol ýaryşy bolan kubok ugrundaky bäsleşige gatnaşýanlaryň sany dört topara çenli azaldy. Kubogyň häzirki ýeňijisi Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» , Türkmenistanyň kubogynyň geçen ýylky finalçysy «Ahal» , ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyr» we «Aşgabat» ýaryşy dowam etdirýär. Çärýek final oýunlarynyň netijeleri boýunça haýsy toparlaryň ýarym finalda etjekdigi kesgitlenildi.
Ýarym finalda «Ahal» bilen «Altyn asyr» we «Aşgabat» bilen «Şagadam» duşuşar. Ilkinji oýunlar 26-njy oktýabrda, jogap duşuşyklar 22-nji noýabrda geçiriler.
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň 2022-nji ýyldaky ýeňijisi 11-nji dekabrda belli bolar.