01.09.2022. «Ahalyň» futbolçylary 7-nji tapgyryň oýnunda «Aşgabat» toparyny 3:2 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawynyň ýeňiji boldular.
Bu ýeňişden soň «Ahal» esasy bäsdeşi «Altyn asyrdan» 4 utuk arany açdy. Milli çempionatyň birinji aýlawyndan soň «Ahalyň» 19 utugy bar.
Esasy bäsdeşi bolan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyndan» 2 utuk öňde barýan «Merw» 13 utuk bilen ilkinji üçlügiň soňky basgançagyny eýeleýär.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy 2-nji sentýabrda başlar.