Dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ýurdumyzda birnäçe çäreler guralýar. Ýakynda geçirilen Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Nusgalyk çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» diýen bäsleşik hem ruhubelentlige beslendi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport sagaldyş lageri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşagynyň Milli merkezi, Tükmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň esasy maksady çagalaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagz etmäge, olarda çeýelik, tizlik, kuwwatlylyk ýaly başarnyklary ýüze çykarmaga hem-de wagtlaryny täsirli geçirmäge gönükdirilendir. Bu bäsleşik Gökderede hereket edýän dynç alyş we sagladyş merkezlerinde dynç alyp ýören ýaş nesilleriň arasynda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni wagyz etmekde geçirilýän işleriň netijesini görkezdi.
Şowhunly geçen çäräniň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan dynç alyş merkezleriniň çagalar toparlaryna ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.