Küşt boýunça milli sport ussady, 43 ýaşly Wepa Mälikgulyýew Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) başlygy wezipesine saýlanyldy. Bu barada Aşgabadyň Sport we ýaşlar syýasaty boýunça Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen maslahata gatnaşanlar degişli çözgüde geldiler.
W.Mälikgulyýew Milli küşt federasiýasynyň başlyklygyna dört ýyllyk möhleti bilen biragyzdan saýlandy. Ol bu wezipä 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri degişli jemgyýetçilik guramasyna ýolbaşçylyk eden Myratdurdy Haşaýewiň ornuna geçdi.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň maslahatynda küşt tälimçisi FIDE ussady Mergen Kakabaýew Baş kätip wezipesine saýlandy.
TKF-niň saýlanan başlygy Wepa Mälikgulyýew ýaşlygyndan küşt oýnap başlapdyr, 16, 18 we 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Ýetginjekleriň dünýä we Aziýa çempionatlarynda birnäçe gezek ýurdumyzyň abraýyny gorady. 1994-nji ýylda Katarda 16 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempiony diýen ady almak ugrunda geçirilen ýaryşlaryň birinde W.Mälikgulyýew, FIDE-niň wersiýasy boýunça 2004-nji ýylda dünýä çempiony bolan Rustam Kasymjanow (Özbegistan) we 2003-nji ýylda Aziýanyň çempiony bolan hindistanly grossmeýster Krişnan Saşikiran bilen deňme-deň oýnady. Şeýle hem, oňa 1997-nji ýylda Polşada geçirilen dünýä çempionatynda FIDE wersiýasy boýunça geljekki (2002 – 2004) dünýä çempiony Ruslan Ponomarýow (Ukraina) bilen «güýç synanyşmak» miýesser etdi.
Wepa Mälikgulyýew Kembrij uniwersitetiniň Ykdysady ösüş boýunça magistr maksatnamasyny tamamlady. Okuw döwründe Kembrij uniwersitetiniň ýygyndy toparynyň düzüminde küşt oýnady. Häzirki wagtda çenli Türkmenistanda ykdysady ösüş ulgamynda işledi we telekeçilik tejribesi bar.
TKF-niň täze ýolbaşçylygyň meýilnamalary türkmen küştçüleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmagy we Bütindünýä küşt olimpiadalarynda erkekler hem zenanlar toparlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ýerli şertleri döretmegi, milli reýting ulgamyny girizmegi, onlaýn formaty goşmak bilen, FIDE bäsdeşlik ulgamynyň çäginde köpçülikleýin, şeýle hem hasaplamaly ýaryşlary artdyrmagy we watandaşlarymyzyň halkara reýting ýaryşlaryna gatnaşmagyny öz içine alýar. Küşt oýnunyň çagalar we ýaşlar arasynda mundan beýläk-de ösdürilmegi Maksatnamanyň möhüm özenidir. Çagalarda we ýetginjeklerde küşt hem beýleki intellektual oýunlaryň akyl ýetirme we logiki pikirlenişiň ösüşindäki orny bütin dünýäde giňden ykrar edilýär diýip, W.Mälikgulyýew habarçymyza gürrüň berdi.
Şol bir wagtyň özünde, TKF-niň başlygy wezipesine bellenen özüniň işinde küştüň sanlaşdyrylmagyny, täze ýaryşlary geçirmek, federasiýanyň işinde häzirki zaman dolandyryş usullaryny ulanmak, bu intellektual oýny halk arasynda giňden ýaýratmak we FIDE hem beýleki halkara sport federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, girdeji çeşmesine öwürmegi göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, TKF-niň täze saýlanan başlygy Türkmenistanda bu sportuň ykbalyna biperwaý garamaýan işewürleriň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen küşti ösdürmegiň bilelikdäki ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýyndygyny nygtady.