Türkmenistanyň Sport we ýaşlary syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Dopinga garşy milli agentligi we Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasy tarapyndan «Sport» myhmanhanasynda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri üçin okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatda türgenleriň doping serişdesini ulanmagynyň saglyga ýetirýän zyýany we sagdyn durmuşy kemala getirmek barada pikir alşyldy. Bu maslahat 2021-nji ýylyň 7-17-nji dekabry aralygynda Daşkent şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türgenler üçin peýdaly boldy.
Agyr atletikaçylaryň dünýä çempionatyna taýýarlygyny we okuw maslahaty geçirmäge «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýakyndan hemaýat etdi.