Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen sporty gün saýyn ösýär hem-de hil taýdan ýokary basgançaklara galýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, türkmen sportunyň abraýyny has hem belende götermek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport sagaldyş çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bu babatda zerur bolan ähli şertler döredilýär.
Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köp sanly sport desgalarynyň, sport zallarynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi ýaş nesliň sporta bolan höwesiniň artmagyna hem-de tejribeli ussat türgenleriň taýýarlanylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen ýurdumyz “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ülkesine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesliniň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklary we sport bilen meşgullanmaklary üçin Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2009-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky 10698 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda şol karar esasynda “Spartakiada we Uniwersiada” yzygiderli giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu sport ýaryşlaryna ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar we özleriniň tejribelerini artdyrýarlar.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy Gahryman Arkadagymyzyň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatlaryny goldap, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak maksady bilen birnäçe asylly işleri alyp barýar. Ýagny sagdyn durmuşy wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleri bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, çagalar sportuny ösdürmekde, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ylalaşylan sport-köpçülikleýin çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda bellenilýän dabaralar mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejede sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.