Futbol boýunça milli çempionatymyzyň 29-njy möwsümi başlaly bäri 9 oýun oýnaldy. 9 oýunda 7 dürli hasabyň şaýady bolduk. Şol oýunlarda 16 futbolçy öz garşydaşlarynyň derwezesine 24 gezek gol geçirdi, 25-nji bolsa... Ol hakynda soňra gürrüň ederis.
Häzir bolsa geçirilen iki tapgyrda ünsimi çeken esasy iki oýun hakynda aýdaýyn. Birinjisi ilkinji tapgyrdaky «Ahal» – «Nebitçi» oýny. Bu näme üçin üns çekiji boldy? Sebäbi balkanabatlylar şu möwsüme taýýarlyk döwründe öz düzümini «Ahalyň» esasy futbolçylary bilen güýçlendirdiler.
Milli ýygyndymyzyň we «Ahalyň» (elbetde, ozalky ýagdaýy göz öňünde tutýarys) esasy derwezeçisi hökmünde gözümizde galan Batyr Babaýew, goragçy Serdar Annaorazow, ýarymgoragyň esasy işini egnine alýan Süleýman Orazow, tejribeli hüjümçi Guwanç Abylow häzirki wagtda «Nebitçiniň» düzüminde çykyş edýär.
Dogry, «Ahalyň» düzümine gelip goşulan futbolçylar hem at babatda-da, häzirki wagtdaky sport formasyny hasaba alanyňda-da peslär ýaly däl. Emma barybir ýokarda ady agzalan futbolçylaryň ozalky toparyna garşy nähili çykyş etjekdigi janköýerler üçin gaty gyzyklydyr. Üstesine 6 futbolçysyny ýaşlar ýygyndymyz bilen saýlama ýaryşa ugradan «Ahala» balkanabatlylara garşy oýunda kyn düşjekdigi görnüp durdy. Hakykatdanam olara ýeňil düşmedi. Ilýa Tamurkiniň we Elman Tagaýewiň gollary köp gyzyklanmalara azajygam bolsa jogap boldy. Bu hasapdan soň ikinji aýlawda Balkanabatda boljak oýnuň has-da uly ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir.
Ikinji bir agzalmaly oýun bu gürrüňsiz «Altyn asyr» – «Ahal» oýnudyr. «Aragatnaşykçylar» soňky birnäçe ýylyň dowamynda «Ahala» garşy gaty güýçli çykyş edip gelýärler. Bu gezek oýun babatynda «Ahal» olardan rüstem geldi. Bu ýagdaý oýnuň netijesinde-de görnüp dur: «Altyn asyr» – «Ahal» 1:3.
Şu oýunda «Ahalyň» bir futbolçysy (Elman Tagaýew) iki gol geçiren bolsa, «Altyn asyryň» iki futbolçysy «bir» gol geçirdi. Has dogrusy, Selim Ataýew «Ahalyň» derwezesini anyk nyşana aldy. Mekan Saparowyň geçiren golunyň öz derwezesiniň torunda gaýmalanlygy sebäpli ol pökgi şu möwsümiň ilkinji awtogoly hökmünde hasaba alyndy. Çempionyň ýeňlişi çempionatyň has-da çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyny habar berýär.
Bu ýagdaý umumylykda ýurdumyzyň 29-njy futbol möwsüminiň gyzgalaňly geçjekdigini aňladýar. Yklym ýaryşynyň saýlama oýunlaryna gatnaşan ýaşlar ýygyndymyzyň düzüminde milli çempionatymyzyň esasy futbolçylarynyň çykyş edendigi toparlara azda-kände kynçylyk döretmän durmady. Ýöne meseläniň beýleki tarapy, ýagny ýaş futbolçylaryň ýygyndynyň düzüminde halkara oýunlarda çykyş edip durmagy, türkmen futbolyna diňe gowy täsirini ýetrip biler.
Şöhrat ÝOMUDOW,
sport synçysy.