Soňky habarlar

Hormatly Prezidentimiziň  «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XIII tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XIII tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu täze kitap ähli türkmen halkyna, ylmy jemgyýetcilige, şol sanda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine olaryň hünär baýramy mynasybetli ajaýyp sowgat boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Ylymlar akademiýasynyň professory, akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ensiklopedik eseri ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi we gadymy lukmançylyk däpleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. 

Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, onuň garamagyndaky kärhanalaryň wekilleri, Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, tälimçiler, türgenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XIII tomunyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Dabara gatnaşyjylar türkmenistanlylaryň saglygyny goramak we abadan durmuş bilen üpjün etmek babatynda alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

www.msy.gov.tm