Soňky habarlar

MYSALY ÝYGYNDY

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy bilen Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň Metbugat gullugynyň hünärmenleri Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan mysaly ýygyndy düzdüler.

 

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sport babatda hem durnukly ösdürilýänligi özara hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginden habar berýär. Dürli ýyllarda türkmen türgenleriniň Özbegistanda, özbegistanly sport hünärmenleriniň Türkmenistanda üstünlikli işländikleri sport babatdaky hyzmatdaşlygyň baý taryhynyň bardygyny görkezýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparyna gabatlap, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy bilen Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň Metbugat gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan mysaly ýygyndy düzüldi. Olaryň arasynda birnäçe ýyl mundan ozal çykyş eden futbolçylaram, golaýda çykyş eden oýunçylaram bar. Bu bolsa iki döwletiň sport babatdaky hyzmatdaşlygynyň sene ýazgysynyň onlarça ýyl ozal başlanandygyny aýtmaga esas berýär.

 Sport synçylarynyň Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan düzen mysaly ýygyndysy

Derwezeçi: Pawel Harçik («Kyzylkum»).

Goragçylar: Goçguly Goçgulyýew («Pahtakor»), Didar Hajyýew («Nowbahor»), Abdy Bäşimow («Kyzylkum»), Myrat Hemraýew («Dinamo»).

Ýarymgoragçylar: Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw»), Artur Geworkýan («Nasaf»), Döwletmyrat Ataýew («Nowbahor»), Wezirgeldi Ylýasow («Kyzylkum»).

Hüjümçiler: Guwançmuhammet Öwekow («Nowbahor»), Elman Tagaýew («Nowbahor»).

Baş tälimçi: Täçmyrat Agamyradow («Pahtakor»).

 

Janköýerleriň Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan düzen mysaly ýygyndysy

Derwezeçi: Baýramnyýaz Berdiýew(«Binýodkor»).

Goragçylar: Goçguly Goçgulyýew («Pahtakor»), Didar Hajyýew («Nowbahor»), Omar Berdiýew («Dinamo»), Ýagmyrmyrat Annamyradow («Nowbahar»).

Ýarymgoragçylar: Arslanmyrat Amanow («Sogdiona»), Artur Geworkýan («Nasaf»), Döwletmyrat Ataýew («Nowbahor»), Witaliý Alikperow («Nasaf»).

Hüjümçiler: Guwançmuhammet Öwekow («Nowbahor»), Arif Mirzoýew («Nowbahor»).

Baş tälimçi: Rahym Gurbanmämmedow («Pahtakor»).