2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat eden «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, sport mekdepleriniň wekilleri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdy.
Çykyş edenler «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren bu kitabynyň uzak asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri esaslandyran türkmen halkynyň täze taryhyna bolan syýahatdygyny bellediler.
Şeýle-de, dabara gatnaşanlar parahatçylygyň we durnuklylygyň höküm sürýän ýurdunda ilatyň durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ösüşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän taglymatyň aýdyň şaýadydygyny nygtap geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşanlar türkmen halkyna beren ajaýyp edebi sowgady üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.