Soňky habarlar

Hoşallyk maslahaty

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen olimpiýaçylaryna Şa serpaýynyň gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň türgenleridir tälimçileri gatnaşdylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewanyň XXXII tomusky Olimpiadada kümüş medal gazanmagy hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça alyp barýan dowamly tutumlarynyň miwesidir. Şonuň üçin hem maslahata gatnaşanlar bu hakykaty buýsanç bilen belläp geçdiler.

Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirip, Ýüzlenme kabul etdiler.