Soňky habarlar

JANKÖÝER

 Söýgi hil-hil bolýar. Durmuşa söýgi, Watana söýgi, ene-ata söýgi, perzende söýgi... Bu sanawyň soňuna tükeniksizlik alamatyny goýsaň gowy. Eger şeýtsek, şu ýerde «ertekimiz» tamam bolar. Emma biz ony tamamlamak üçin başlanam bolsak, sözümizi garaşylyşyndan ir jemlemegi nazara almandyk. Çünki söhbetimiz başlanýan ýeri bolsa-da, gutarýan ýeri ýok hasap edilýän futbola söýgi barada bolansoň, futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň dowam edýän günlerinde pikir öwürmek isledik...
  — Agşam ýatyp bilmedim-aý. 
Meniň näme bolýandygyny soramagyma mähetdel söhbetdeşim sözüni dowam etdirdi: «Futbol gördüm. Her gezek utulýas welin, hiç çäre tapamok-da. Bilibem durun utuljagymyzy, emma şonda-da utulmak agyr düşýär-aý». 
— Menem ozal şeýledim. Soň gördüm-bakdym, durmuşyň, işiň-öýüň aladasynyň daşyndan seniň dünýäde bardygyňy bilmeýän, olara janköýerlik edip, «perýat» edip ýöreniňden bihabar adamlar üçin özümi oda-köze urup ýörmämi bes edenimiň gowudygyna düşündim (söhbetdeşimi köşeşdirmek isledim).
— Wah, menem şeýtjek welinim, arman ýürege erk edip bolanok-da.
Gürrüň ýürege ýetensoň, söhbetimize dyngy berildi. Ýogsam, «Milanyň» nobatdaky tapgyryň duşuşygyny geçirýän güni işe söýgüli toparynyň eşiginde gelýän kärdeşimiň mysalynda, «ýürege erk edip bolmaýandygyny» bilýärinem. Ýene-de janköýer bolmak derdeserine uçran ýigide «dostluk goluny» uzadasym geldi. Emma onuň dertleriniň dermany ýaşyl meýdançada jemlenip, dermanyň näderejede ýaramly boljakdygy 75х110 metre barabar ölçegdäki otly meýdany bir ýarym sagatlap, torç edýän adamlara bagly. 
Ýaryşy dowam etdirip-etdirmejegiň garşydaş topara bagly bolşy ýaly, her oýundan soň gijäni nähili ahwalda garşylajakdygyň başgalara bagly boljak bolsa, «ýürege erk edeniň» has aňsat ýaly. Futbol oýunlarynyň köplenç günüň ikinji ýarymynda ýa ahyrynda oýnalýandygy, elbetde, janköýerleriň ukusyny «harama çykarmaga» ýeterlik bolýar. «Yşgym bardyr Mejnundan, altmyş esse zyýada» diýmese-de, her şowsuz oýundan soňra özüni hasrata höküm edýän janköýerlere, «Geliň, owadan oýundan lezzet almagy öwreneliň!» diýesim gelýär. 
Eger sporty, şol sanda futboly sungat diýip atlandyrýan bolsak, futbol meýdançasyny teatryň sahnasyna, janköýerleri zaly dolduryp oturan tomaşaçylara deňeýän bolsak, onda her bir oýna tomaşa edip, dynç almagy-da öwreneli! 2021-nji ýyla geçirilen geçen ýylyň futbol baýramynyň, ýagny futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň Türkmenistanda milli teleýaýlym arkaly alnyp görkezilmegi, Çempionlar ligasyndan başlap, Ýewropa ýurtlarynyň futbol birinjiliklerine çenli dürli ýaryşlara «Sport» teleýaýlymynda göni ýaýlymda tomaşa etmegimiz adaty ýagdaýa öwrülensoň, futbol görüp, 90 minutdan soňra «otly köýnek» geýýänem, keýpiçaglykdan donuna sygman begenýänem, hatda geçisi daga ýaýraýanam tapylýar. 
Şahyrlyk babatda gürrüň edilende, «Hakdan içen» diýen jümle ýörgünli bolsa-da, janköýerler babatda hem «Hakdan içen» futbol muşdaklarynyň bardygyny ýatlap, olara futbola tomaşa edip, dynç alybam bolýandygyny ýatladasym gelýär. 
Bilýärin, «Ýürege erk edip bolýan däldir». Emma dermansyz dert ýok ahyryn. Köpi gören garrylaryň «Allatagala 1001 dert berip, 1000 derdiň dermanyny beripdir. Tebipler şol dermany bilinmeýän 1001-nji derdi dep etmegiň alajyny tapanoklarmyş» diýýän gürrüňleri ýadymda galypdyr. Şol gürrüň çynam bolsa, çyna berimsiz ýalanam bolsa, dermansyz bir derdiň bardygyna, onuň futbola söýgüdigine «Hakdan içen» janköýerleriň arasynda bolup görseň magat göz ýetirýärsiň. 
...Ýürege kän ýerde erk edip bolýar. Emma Onuň Alyhezretleri futbola gezek gelende bu işiň çetindigini 10 ýaşymdan bäri bilýärin. Futbola tomaşa edip, dynç almagy «öwüt bermegimiň» bolsa öz-özümi köşeşdirmekden başga zat däldigini boýun almasamam, çykyşy okap, hakykaty ýüzüme basjagyň tapyljakdygyna ynanýaryn.

Hojaberdi APBAÝEW,
janköýer.