19-20 noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimp orta sport mekdebiniň acyk birinjiligi ugrunda 2009-2010-2011-nji yyllar aralygynda doglan oglanlaryň arasynda dzýudo boýunça sport ýaryşlary gyzgalaňly ýagdaýda geçirildi.
Onuň netijeleri boýunça 38 kg agramda çykyş eden Goçmyrat Gurbannazarow, 42 kg agramda Annagulyýew Yhlas, 60 kg agramda Rawşanow Azatbek, 66 kg agramda Annaýarow Muhammet, 63 kg agramda M.Serdarow 1-nji orna mynasyp boldular.
Bu ýaryşlarda Bäşimow Hajymuhammet, Atajanow Abdyreşid, Mälikmyradow Abdy, Nurmyradow Abdyhalil, Anwarow Atabek, Taganow Pälwan dagylar degişlilikde - 2-nji orna şeýle hem, Yagmurow Umiruzak, Begnazarow Ýunus, Zakirjanow Jora, Agamyradow Ylýas, Allamyradow Pälwan, S.Abdyýew, J. Hakberdiýew, J.Almowow, A.Şöhradow Y.Kyýasow, S.Nurmyradow, B.Kemalow, A.Usmanow, S.Ataýew, S.Pawiýew, Y.Ýalkabow, Y.Hojanazarow, D.Kerimow, S.Hojamyradow dagylar bolsa - 3-nji orny eýelemegi başardylar.
Dzýudo boýunça ýaş türgenleriň arasynda guralan bu ýaryşlarda ýaşlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşlara gatnaşanlar ýaşlary şeýle sagdynlyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň mugallymy