«Towşana dogduk depe» diýen nakylyň dürli halklarda aňladylyşy bolsa bardyram. Emma bizi onuň dürli dillerdäki ekwiwalenti däl, eýsem şol sözüň berýän manysy gyzyklandyrýar. Çünki bu ýazgylaryň döremegine Ronaldunyň hünär ýoluny «Sporting» toparynyň düzüminde tamamlajakdygy barada beren beýanaty sebäp boldy.
Lissabonyň «Sporting» toparynyň düzüminde futbol oýnap başlan Kriştianu Ronaldu «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde dünýä futbolynyň asmanynda täze bir ýyldyzyň dörändigini görkezdi. Synçy halypa ser Aleks Fergýussen bu hortap garaýagyzja oglanjykda dünýä futbolynyň ýyldyzyny görmedik bolsa, ony öz türgenleşdirýän toparnda görmek islärmidi? Elbetde, islemezdi. Diýmek, portugaliýaly futobolçy Ronaldu uly futboldaky häzirki ýeten sepgidi üçin ozaly bilen Fergýussona minnetdar bolmalydyr. Şonuň üçin ol eger «Ýuwentusdan» başga bir topara geçmeli bolsa, ýyldyz hökmünde ykrar edilen ýeri bolan Madridde ýa Mançesterde ýük ýazdyrjakdygyny dile getiripdi.
Emma «Sport Mediaset» neşiriniň ýaýradan maglumatyna salgylansaň, «Ronaldu «Ýuwentus» bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti dolýança, ýagny 2022-nji ýyla çenli Turini terk edip, hiç ýere gitmez. Habarda bellenilişine görä, Ronaldu «Ýuwentusda» şertnamasynyň möhleti dolansoň, «Sportinge» geçip, şol toparda hem futbol bilen hoşlaşmak isleýär. Munuň özi «Towşana dogduk depe» diýen jümläniň hemişe we hemme ýerde ýörgünlidigini aýtmaga esas berýär.
«7/24.tm»