Türkmenistanyň döwlet senasynda aýdylyşy ýaly, bu gün türkmen baýdagy dünýäniň ýüzünde belentde parlaýar. Onuň belentligi bolsa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitaby arkaly tassyklanyldy. 2013-nji ýylda bolsa Aşgabat şäheri iň köp ak mermerli binalary bolan şäher hökmünde Ginnesiň kitabyna girizildi. Ýene bir gezek döwlet baýdagymyz paýtagtymyzyň bu belent derejesiniň şanyna belentde pasyrdady.
Dogry, rekordlar kitabynda belli bir binalary, desgalary üçin ady agzalýan şäherler sanardan juda kän. Ýöne tutuş şäheriň özüniň bu kitaba mydama girizip duranoklar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat bolsa bu dünýä belli rekordlar kitabynyň bilermenleriniň ünsüni özüne çekdi. Onuň aňyrsynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli aladalarynyň ýatandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.
Paýtagtymyzyň «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary we beýleki birnäçe ajaýyp binalar Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilýändigi bolsa merjen şäherimiziň dünýä dolan dabarasyny äleme ýaýýar. Şu ýyl bolsa Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýändigi üçin ähiý watandaşlarymyz ony mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýärler.
«7/24.tm»
(TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bäsleşigine).