Soňky habarlar

Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklary  

Ýaş nesli öz geljegiň hökmünde görmek, geljege ynam diýmekdir. Ýaş nesli giň düşünjeli terbiýeläp ýetişdirmek bolsa, bagtly geljegi gurmakdyr. Bagtyýar döwletde döwrebap ýaşlary kemala getirmek bolsa, ösüşleri ilerletmekdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olary Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyza mynasyp esasda terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen döwlet derejesinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli ulgamlaryndaky ösüşine ýaşlary çekmek olaryň hünär taýýarlygynyň kämilligini, döredijilik ukybyny, aýdyň pikirlenmek başarnygyny ösdürmekde hem anyk ädimleriň ädilýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär.

Mälim bolşy ýaly «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere uly itergi berdi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýaş neslimiziň döwletiň we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işlere içgin gatnaşmagy üçin örän oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berdi.

Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny kesgitlemäge we ösdürmäge giň ýol açylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň kämil derejede ylym-bilim almagynda, olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny has hem pugtalandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun ähli alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Aşyrmämmet NURMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň baş hünärmeni.