Soňky habarlar

Ak bagtyň mesgeni

ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ BÄSLEŞIGINE. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şeýle-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýyny toýlaýar. Bu gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyz asyrlara barabar uly işleri amala aşyrdy. Watanymyz ösýän döwletleriň hataryna goşulmak bilen, dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Garaşsyzlygymyz biziň asudalygymyzyň kepili bolup durýar. Halkymyz bu baýramy sowgatly garşylamak maksady bilen irginsiz zähmet çekýär. Berkarar Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli iri desgalaryň 30 sany önümçilik we medeni maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi göz öňünde tutýar. Guruljak 30 sany iri desga ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny alamatlandyrar.

Ýakynda ulanmaga berlen desgalar bolsa bu işiň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Muňa mysal edip aprel aýynda – Aşgabadyň günortasyndaky täze Hökümet münberi, Halkara Kongres merkezi, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň ulanylmaga berilmegini agzap bolar. 30 sany iri binanyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna ýetişdirmek maksady bilen irginsiz zähmet çekilýär.

Watanymyzyň binagärlik keşbine özüniň aýratyn öwüşginini çaýjak bu binalar ýurdumyzyň görküne görk goşar. Gurulýan belent binalar paýtagtymyzyň binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşar. Binalaryň milli öwüşgin bilen guralmagy aýratyn mana eýe bolýar.

Gurulýan täze desgalar bagtyýarlyk döwrümiziň ajaýyp keşbiniň subutnamasy bolup durýar. Bize şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga mümkinçilik berýän Gahryman Arkadagymyzyň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

«7/24.tm»