Soňky habarlar

Oýun etse ogly ýeňer...

Her bir täzelik adamlarda gyzyklanma döredip duranok. Onda-da informasiýa asyry diýip at berlen internediň dünýäde «öz sözüni ýöredýän döwründe» auditoriýany täzelik bilen agzyňa bakdyrmak aňsat däl. Emma soňky hepdede iki adamyň başy çatylan ýerde (eger-de olar futboldan azda-kände habarly bolsalar) Ýewropňanyň Superliga ady bilen badalga berilmek islenilýän futbol ýaryşynyň gürrüňi edildi. Ýewropanyň «uly futbol toparlary», ýagny gapjygy galyň klub eýeleri soňky birki ýylda özlerine bagly bolmadyk sebäplere görä, ýitiren girdejileriniň öwezini dolmak maksady bilen täze bäsleşige badalga berilýändigini mälim etdiler.

Dogrusy, bu ýaryş hakyndaky gürrüňler, 20 ýyl bäri dowam edip gelýär. Şol döwürlerde doglan çagalaryň häzir futboldan «çörek iýip ýörenleri» az däldir. Madridiň «Realynyň» eýesi F.Peresiň ýolbaşçylygynda döredilmek islenilen Superliga ýaryşynyň resmi halkara futbol guramalaryndan, hususanda FIFA bilen UEFA-dan bidin ädilen ädimiň netijesidigi sebäpli, hepdäniň başynda ýaýradylan täzelik hälä galman, jümle-jahana ýaýyldy-da, futbol muşdaklaryny iki topara böldi.

Seslenmelerden görnüşi ýaly, Ýewropanyň uly 5-lige girýän futbol toparlary-da, meşhur tälimçlerdir, futbolçylaryň özlerem täzeligi gujak açyp garşylamadylar. Janköýerler üçin we futbolyň ösmegi üçin edilýän alada salgylanyp gelnen karar aglaba köplügiň maňzyna batmady.

Adatça bolşy ýaly, GDA-nyň giňişliginde rus dilli çeşmelere salgylanylýar. Emma bu gürrüňiň geriminiň has giňemegi üçin türki dilli çeşmeler bilenem, hatda iňlis dilindäki («Google» sag bolsun!) habarlardyr teswirler bilenem tanşyp çykmaga wagt tapmaly boldy.

Şondan soňra pikrimizi jemläp, ýerli kärdeşlerimiziň pikrini sorap gördük. Gazet-žurnallarda, telewideniýede we radioda, şeýle-de saýtlarda sport tematikasynda çykyş edýän (sport hakda ýazýanlaryň hememsi sport bilen gyzyklanyp durmaýar) türkmen (sport) žurnalistleriniň hem resmi guramalaryň inkär edilip, başyna barlan tutumyň «ýyndamlygynyň samanhana çenli» boljakdygyna ynanýandyklaryna göz ýetirdik.

Şeýle pikir edýäniň juda kändigi hepdäniň ortalaryna belli bolup,  Superliga atly täze ýaryşyň resmi futbol guramalarynyň «tagallasy» bilen ýatyrtylýandygy belli edildi. Munuň özi «Oýun etse ogly ýeňer, çynyny etse atasy» diýen türkmen halk nakylyny ýatlatmanam duranok.

 Tejribeli sport žurnalistlerimiziň biri Hajymyrat Söýünow resmi guramalaryň gadagan eden ýaryşynyň Ýer şarynyň haýsy künjeginde geçirip boljakdygyna akyl ýetirip bilmeýändigini aýtdy. Ol: «Hytaý şol ideýa bilen gyzyklanýardy. Aý, olam öz ýurdunda jedelli ýaryş geçirmegi boýun almaz» diýip, sözüni jemledi.

Ýer ýüzünde geçirilip bilinmejek ýaryşy kosmos hakyndaky gürrüňleriň ýörgünli eýýamynda «Planetara futbol ýaryşy» görnüşinde geçiräýmeken başga alaç galmaýar. Emma fantaziýasy hernäçe baý adamyň hem beýle ýaryşy göz öňüne getirip bilmejekdigi sebäpli, Ýewropanyň Superligasy hakyndaky gürrüňleri bir gyra süýşürip, esasy etmeli işimizden ünsümizi sowmasak gowy dälmi?

Onda näme üçin özüň gyzykanypsyň diýilmegi mümkin. Şeýle sowalayň jogaby nagt: «Başgalaryň wagtyny tygşytlamak üçin öz wagtymy «pida» etdim. 

Hojaberdi APBAÝEW,

žurnalist.