Ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň dünýäniň çempiony diýlip yglan edilendigi Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylaryndan Arkadag Prezidentimiziň adyna gelip gowşan hoş habarda öz beýanyny tapdy
BIR PURSADYŇ GOŞA ŞATLYGY
Hawa, şol gün biz hem kärdeşlerimiz bilen paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda — 45 kilogram agramda zenanlaryň bäsleşiginde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewany goldamaga barypdyk. Şonda ildeşimiz turuwbaşdan tailandly örän güýçli türgenleriň ikisi bilen ýiti göreş alyp barypdy. Esasy göreş şu üçlügiň arasynda dowam edipdi. Kimiň hormat münberiniň haýsy basgançagynda ýerleşjekdigi bolsa iň soňky pursatlara çenli näbelli bolmagynda galypdy. Şeýlelikde, ildeşimiziň netijesi (75+104=179 kg) oňa ýaryşyň kümüş medalyny getiripdi. Bäsleşik tamamlanan badyna zähmet çekýän neşirimiz üçin söhbetdeşlik guramaga baranymyzda, gürrüňimiziň başyny gutlag sözlerinden başlanym ýadymda. Emma şol bir pursadyň ikinji şatlygy mynasybetli ildeşimizi has-da dabaraly gutlajakdygymyzy — ony altyn medaly, çempionlygy bilen mübäreklejekdigimizi oýuma hem getirip bilmändim. Ine, bu günki hoş habar bolsa «nurly ýyldyzyň» astynda dünýä inen agyr atletikaçymyz bilen has dabaraly gutlag sözlerimiz bilen başlanan gürrüňdeşlige sebäp boldy. Şu ýazgymyz bolsa şol gürrüňdeşlikde Ýulduzyň beren gyzykly gürrüňleriniň esasynda taýýarlanyldy.
TARYH HEM TÜRGEN
Göräýmäge sportuň mazmuny rekordlarda, görkezijilerde jemlense-de, munuň şol netijäni görkezen türgeniň adyny ebedileşdirmekdäki ähmiýeti taryhyň sahypalarynda has möhüm orny eýeleýär. Hakykatdan-da, taryhyň ýyllardan, sanlardan we görkezijilerden ybaratdygy ikuçsuz. Elbetde, döwrüň, sportuň ösüşi bilen görkezijileriň käbiriniň täzelenmeginiň-de meşhur türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýewiň dünýä sportunyň taryhyndaky ornuna täsirini ýetirip bilmejekdigi bu sowala mynasyp jogap bolsa gerek. Bu hakykat görkezijilerden ötri ynsanyň adynyň taryha ebedilik girýändiginiň, ýyllaryň aşyp, asyrlaryň çalşandygyna, taryhyň jümmüşine aralaşandygyna garamazdan, sportuň ösüş ýolundaky ornuny has-da pugtalandyrýandygynyň subutnamasydyr. Golaýda Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Doktor Maýkl Ironiniň hem-de federasiýanyň baş kätibi Mohamed Jaludyň adyndan Arkadag Prezidentimize gelip gowşan hoş habar hem diňe sportuň şu görnüşinden milli mekdebimiziň däl, eýsem, dünýä sportunyň taryhyny müdimilik bezejek wakanyň beýanydyr. Çünki türkmenistanly agyr atletikaçy gyzyň — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylda Diýarymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda itekläp götermekde altyn, silterläp galdyrmakda bolsa kümüş medallaryň eýesi bolandygy hakyndaky bu habar sportuň şu görnüşinden zenanlar mekdebimiziň taryhy üstünligidir. Bu onuň dünýäniň çempiony hökmünde dünýä sportunyň taryhyna girendigini aňladýar.
ÝULDUZY TAPLAN ÝYLLAR
Elbetde, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň 51-nji orta mekdebinde bilim alýan gyzjagazyň zehinini agyr atletika bilen baglamak hiç kimiň oýuna-da gelmejek ýalydy. Çünki eýýäm adynda agyrlyk düşünjesini jemleýän sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak gujurly we berdaşly göwrani hem-de şoňa muwapyk güýji talap edýärdi. Ýulduzda muňa höwes hem ýokdy. Bu sebäpleriň hiç biri-de onuň çepiksije ýegeninde hiç kimiň duýmadyk zehinini gören daýysy, agyr atletikadan ussatlaryň ençemesini ýetişdiren tälimçi Zeripbaý Kerimbaýewiň yhlasyna böwet bolup bilmedi. Ýegenini sportuň bu görnüşine imrindirmegi pugta ýüregine düwen tälimçi maksadyna ýetdi. Bu görnüşiň ähmiýeti hakyndaky gürrüňler soňlugy bilen täsirli türgenleşikleriň gyzygy bilen utgaşyp gitdi. Şol wagt Ýulduzjyk 11 ýaşlaryndady. Türgenleşik zalyna gelýän wagtlaryny ýygjamlatmagy bolsa gyzjagazyň öň salgyma çapmak hasaplan düşünjelerinden nam-nyşan goýmady. Ol indi agyrlyk daşlaryndan eýmenmegä beýlede dursun, şu görnüşe ykbalyny baglamagy ýüregine düwüpdi.
Epeý göwre bilen sazlaşyp duran güýji ýatladýan sport görnüşiniň adyndan heder eden ejesiniň birbada garşy çykmagy-da, çepiksije gyzynyň agyr ýoly saýlamagyndan eýmenmegi-de, Ýulduzyň çyn höwesine böwet bolup bilmedi. Ine, şeýle başlanan türgenleşikler dogumlyja gyzyň yhlasynyň, zehininiň üstüni ýetir ussat tälimçi Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygyndaky türgenleşikler onuň agyr atletika örklenen ýolunyň binýadyny berkitse, kämillik menzilleriniň möhüm tapgyryny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby hökmünde geçmegi has-da netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Ine, şu ýyllar zehinli gyzy mazaly taplady.
Itekläp götermekde 104, iki görnüşiň jemi boýunça 179 kilogram agyrlyklary boýun egdiren ildeşimiz ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordlaryny hem täzeledi. Şeýlelikde, türkmen agyr atletikaçylarynyň ýene biri ajaýyp görkezijileridir netijeleri bilen dünýä sportunyň taryhyny bezedi.
ÜSTÜNLIKLER HEM REKORDLAR
Elbetde, şu güne çenli gazanan netijeleri hem-de goýan rekordlary onuň adynyň dünýä sportunyň taryhyna daşa ýazylan ýaly hemişelik girendigini aýan edýär. Şonuň üçin hem, Ýulduzyň iri halkara ýaryşlaryndaky netijeleriniň hem-de dünýä derejesindäki rekordlarynyň sanawyny okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik:
2017-nji ýyl. Aziýa çempionaty. Türkmenistan. Aşgabat şäheri (48 kg) – bürünç medal;
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary. Türkmenistan. Aşgabat şäheri (48 kg) – kümüş medal;
2018-nji ýyl. Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty. Özbegistan Respublikasy (48 kg) – bürünç medal (itekläp – II orun);
Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty. Türkmenistan. Aşgabat şäheri (45 kg) – altyn medal (birbada – II orun; itekläp – I orun), itekläp götermekde hem-de iki görnüşiň jemi boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordlary;
2019-njy ýyl. Kataryň kubogy ugrundaky ýaryş (48 kg) – bürünç medal;
2020-nji ýyl. VI Halkara raýdaşlyk oýunlary. Özbegistan Respublikasy (49 kg) – kümüş medal (birbada – II orun; itekläp – I orun).
ARZYLY MAKSADYŇ ÝOLUNDAKY BUÝSANÇLY ÄDIM
— Hoş habary alan badyma başdan geçiren duýgularymy söz bilen beýan etmek mümkin däl. Çünki Arkadag Prezidentimiziň hem-de ähli ildeşlerimiziň ynamyny ödemek bagtyna eýe bolmak — bu ýurdumyzyň her bir raýatynyň iň mukaddes arzuwy. Dünýä çempionatynyň geçen günlerinden bäri hormatly Prezidentimizi hem-de watandaşlarymyzy has uly üstünliklerim bilen begendirmek üçin yhlasymy gaýgyrman türgenleşýärdim. Bu ugurdaky maksatlarymyň biri-de dünýäniň çempiony bolmak bilen baglydy. Şeýle netijä gelmegimiň özi-de gözbaşyny paýtagtymyzda guralan Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş medala eýe bolan günlerimden alyp gaýdýardy. Elbetde, bu ýokary netije. Emma, çempionlyga çenli galan gysga aralygyň meni ahmyrda goýandygyny aýdaýyn. Şu sebäpden hem, bir pursadyň ikinji şatlygy — dünýäniň çempiony diýlip yglan edilmegim meni diýseň bagtyýar etdi. Bu ajaýyp ädim has uly maksatlara — Tokio olimpiadasyna barýan ýoluň iň möhüm tapgyrydyr. Şonuň üçin hem, şeýle uly üstünlikler bilen Watanymyzyň adyny dünýä ýaýmaga, türkmen agyr atletikasynyň zenanlar mekdebiniň uly ösüşine mynasyp goşandymy goşmaga döreden ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşym egsilmezdir — diýip, agyr ýoluň menzillerini ynamly ädimler bilen külterleýän zehinli türgen gürrüň berýär.
Zehinli gyzyň ümzügi öňe. Bu bolsa onuň iň uly arzuwyna hem ýetjekdigine ynamyňy artdyrýar. Şol sebäpden hem, biz onuň iň arzyly maksadynyň myrat tapyp, olimpiýa medaly ugrundaky yhlasynyň ýerine düşmegini arzuw edýäris. Goý, Ýulduzyň «nurly ýyldyzy» onuň sport ýoluna has-da ýiti şöhlesini saçsyn! Onuň dünýä rekordlaryndan baglan «çemeni» ýylsaýyn gürelsin!
Amanmyrat MYRADOW,
«Türkmen sporty».