Soňky habarlar

Skandinaw ýörişi

Taýakly ýöremek (Skandinaw ýörişi) saglygyň umumy ýagdaýyny saklamak we beden işjeňligini ýokarlandyrmak üçin örän peýdaly diýlip hasaplanylýar.

Ýüze çykanyna kän wagt geçmedik bolsa-da skandinaw ýörişi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Dogrudanam, onuň islendik ýaşdaky adamyň bedenine edýän köpugurly täsiriniň belli bahasy ýokdur.

Ýeri gelende aýtsak ýöremegiň bu görnüşiniň her hili atlandyrylyşy bar. Ony  demirgazyk, norweg, fin taýakly ýörişleri diýip atlandyrýarlar. 

Taýakly demirgazyk ýörişi — sport ýörişi bolup, onda lyžaçynyň taýagyna meňzeş ýörite taýaklar ulanylýar.

Taýakly ýöremegiň artykmaçlyklary:

— ähli ýaşdaky adamlar üçin laýyk gelýär;

— arzan düşýär (munda diňe ýöriteleşdirilen taýaklary edinmeli);

— saglyk üçin oňaýsyz täsiri ýok;

Taýýarlan Arzygül ORAZOWA,

Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.