Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan sebit we dünýäniň beýleki yklymlaryndaky döwletler we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejä eýe bolup, bu babatda işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan – Garaşsyzlygyny alanyndan bäri dünýäniň 149 döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary, 50-ä golaý halkara guramalarynyň agzalygyna saýlanyldy hem-de 100-den gowrak döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýä milletlerini bir merkeze jemlän Birleşen Milletler Guramasy – Bitarap Watanymyzyň köptaraply strategik hyzmatdaş saklaýan iri halkara guramalarynyň biridir.
Ýurdumyz – Birleşen Milletler Guramasynyň 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri doly hukukly agzasy bolmak bilen halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, onyň tertipnamasyna laýyklykda öz işini alyp barýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Garaşsyz ýurdumyza bolan ynamyny barha ýokarlandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi.
Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 58, 62, 64, 68, 71 we 75-nji mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylyp, bu guramanyň mejlislerinde sebit we dünýä döwletleriniň hem-de bütin adamzadyň bähbitlerini öz içine alýan çuň manyly çykyşlar edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Mähriban Arkadagymyz wideo-aragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine çuň manyly çykyş etmek bilen, häzirki döwrüň bütin adamzat jemgyýetçiligini gurşan alan koronowirus pandemiýasynyň öňüni almak, bu boýunça bütin dünýäniň ylmy-lykmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi, ylmy diplomatiýanyň ýollaryny açmak, Türkmenistan degişli halkara gurallaryny işläp taýýarlamak we döretmek meselelerine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda birnäçe teklipleri seretmek boýunça çykyş etdi.
Bitarap Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň bähbitlerine, onuň egsilmez kuwwatynyň açylmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy bilen sport we ýaşlar babatda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýdy we bu ugurlar boýunça işler durmuşa geçirilýär.
Ýagny, 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabry 14-nji noýabry aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Baş Konfederensiýasynyň 39-njy mejlisinde Türkmenistan döwletimiz 2018-2019-njy ýyllar üçin UNESCO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzüminiň agzalygyna saýlanyldy.
Şeýle hem, 2018-nji ýylyň 24-26-njy ýanwarynda Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) «Sport jemgyýetiň sosial gatnaşygy we ösüşi üçin» atly halkara maslahatyna ýurdumyzdan wekil hökmünde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölüm başlygy gatnaşdy.
2018-nji ýylyň 25-27-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen UNESСO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) mejlisine ýurdumyzdan wekil hökmünde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölüm başlygy gatnaşdy.
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili hanym Şahin Nilofer, onuň orunbasary Siradž Mahmudlu we guramanyň işgäri A.Seýitliýewa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň wekili tarapyndan ýaşlar syýasaty ugry babatda UNICEF-iň başlangyçlary we teklipleri boýunça Türkmenistanda we halkara tejribesine laýyklykda alnyp barylýan işler hem-de hereket edýän maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekligi teklip edildi.
Hususan-da, 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kanunynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaşlary zyýanly endiklerden goramak, olaryň psihlogiki we fiziki ýagdaýynyň ösmegi, saglygyny goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany edarasy (UNICEF, UNFPA we UNDP) tarapyndan taýýarlanylýan global seljermeleri Türkmenistanda geçirmekde we bu barada döwlet maksatnamalary taýýarlanylanda berilýän teklipleri göz öňünde tutmakda ýardam bermekligi haýyş etdi. Şeýle hem, UNICEF-iň wekili tarapyndan orta mekdeplerde çagalaryň, hususanda gyzlaryň arasynda sport bilen meşgullanmak barada wagyz-nesihat etmek arkaly gyzlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta çekmek bilen, olaryň psihologiki we fiziki ösüşini gowulandyrmakda geçirilýän maksatnamalary işjeňleşdirmegi teklip edildi.
2018-nji ýylyň 13-14-nji awgusty aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy bilen bilelikde geçirilen Sportuň we oýunlaryň Milli görnüşlerini gorap saklamak we ösdürmek barada 4-nji Geňeş-maslahatynyň mejlisine ýurdumyzdan wekil hökmünde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölüm başlygy gatnaşdy.
2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) halkara bilermeni Lea Mubaýed, guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri A.Seýitliýewa, Ş.Muhammetgulyýewa dagylar bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ýaşlar syýasaty ugry babatda UNICEF-iň başlangyçlary boýunça Türkmenistanda we halkara tejribesine laýyklykda alnyp barylýan işler hem-de durmuşa geçirilýän maksatnamalar boýunça gelejekde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýurdumyzda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýy babatda seljermeleri hem-de ondan gelip çykýan teklipleri taýýarlamak barada sorag-jogap alyşdylar. UNICEF-iň wekilleri ýetginjekleriň we ýaşlaryň psihlogiki we fiziki ýagdaýynyň ösmegi, saglygyny goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany edarasy (UNICEF, UNFPA we UNDP) tarapyndan taýýarlanylýan global seljermeleri geçirmek arkaly bu ugurda döwlet maksatnamalary taýýarlanylanda halkara tejribeleri göz öňünde tutulan teklipleri bermekden ybaratdygy habar berildi.
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk (UNODC) baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky taslamalarynyň utgaşdyryjysy jenap Kun Markweing, guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri (terjimeçi) W.Rasulow bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ýaşlar syýasaty ugry boýunça Türkmenistanda we halkara tejribesine laýyklykda alnyp barylýan işler hem-de durmuşa geçirilýän maksatnamalar boýunça gelejekde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýurdumyzda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýy babatda seljermeleri hem-de ondan gelip çykýan teklipleri taýýarlamak barada aýdylyp geçildi.
BMG-niň wekili ýurdumyzda çagalaryň, hususanda ýaşlaryň arasynda sport bilen meşgullanmak barada wagyz-nesihat etmek arkaly çagalary köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta çekmek bilen, olaryň psihologiki we fiziki ösüşini gowulandyrmakda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şonuň ýaly-da, gelen wekil sport bilen meşgullanmagyň çagalaryň aň-düşünjesiniň ösmeginde, olarda belli-bir psihiki ýagdaýlary ýeňip geçmekde hem-de ýetginjeklerde durmuş ýörelgelerini saýlap kesgitlemekde sportuň orny barada gyzyklandy.
Şeýle hem, 2019-njy ýylyň 8-9-njy apreli aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysadyýet we sosial geňeşiniň guramagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Ýaşlar forumynyň sekizinji ýyllyk mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärlerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti 2019-njy ýylyň 7-10-njy apreli aralygynda gulluk iş saparyna ugradyldy.
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-nyň) Terrorçylyk meselesi boýunça ýörite wekili Kristofer O’Donnel, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň wekili Nika Saidi, BMG-nyň Terrorçylyk meselesi boýunça Bangkokdaky wekili Ernan Longo, BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili Marina Lorant bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki «Aziýada zorlukly ekstremiziň öňüni almak we oňa garşy göreşmek» atly sebitleýin taslamasynyň durmuşa geçirilişini, sport we ýaşlar syýasaty ugry boýunça Türkmenistanda we halkara tejribesine laýyklykda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
2019-njy ýylyň 1-6-njy sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) hem-de Russiýa Federasiýasynyň we Italiýa Respublikasynyň bilelikde guramagynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen «Sporty korrupsiýadan goramak: sportda korrupsiýa baradaky 7/8 rezolýusiýasyny netijeli durmuşa geçirmek ugrunda» atly halkara konferensiýasyna türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda FIFA-nyň Kubogy-2022 Futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Şri-lankanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen toparçalaýyn duşuşygynda, «Köpetdag» sport toplumynda çäre geçirilip, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda «Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň» kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli iki ýurduň futbolçylary şoňa bagyşlanan ýörite lybasly çagalaryň elinden tutup meýdança çykdylar.
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) guramagynda «Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň» kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çärä Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
2019-njy ýylyň 12-27-nji noýabry aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Baş Konfederensiýasynyň 40-njy mejlisinde Türkmenistan UNESCO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzüminiň agzalygyna 2020-2021-nji ýyllar üçin gaýtadan saýlanyldy.
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň, guramanyň ofis menejeri Ç.Nurmuhammedowyň, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgandyň, UNICEF-iň işgäri S.Hanowanyň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji wekili A.Seýitliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri ýaşlar syýasaty ugry babatda BMG-nyň başlangyçlary we teklipleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de hereket edýän maksatnamalar boýunça, hususan-da, Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kanunynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaşlary zyýanly endiklerden goramak, olaryň psihlogiki we fiziki ýagdaýynyň ösmegi, saglygyny goramak ugrunda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň netijelerini jemlemek we bu ugurda täze döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada özara hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2019-njy ýylyň dekabrynda tegelek stoly geçirmekligi teklip etdiler.
2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölüm başlyklary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofis menejeri Ç.Nurmuhammedowyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji wekili A.Seýitliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ýaşlar syýasaty ugry babatda BMG-nyň başlangyçlary we teklipleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de hereket edýän maksatnamalar boýunça, hususan-da, Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kanunynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaşlary zyýanly endiklerden goramak, olaryň psihlogiki we fiziki ýagdaýynyň ösmegi, saglygyny goramak ugrunda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň netijelerini jemlemek we bu ugurda täze döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada özara hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin teklip edilen tegelek stoly 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda geçirmekligi teklip etdiler we bu barada degişli hatlaryň diplomatik ýollar arkaly ugradyljakdygyny habar berdiler.
2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölüm başlyklary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofis menejeri Çary Nurmuhammedowyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri S.Hanowanyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri E.Tüýliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň netijelerini jemlemek we bu ugurda täze döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada özara hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda geçirilmegi bellenen tertipde ylalaşylan tegelek stoluň deslapky gün tertibiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde, BMG-niň degişli edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, jogapkär işgärleriniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň, Ministrligiň degişli bölümleriniň başlyklarynyň hem-de işgärleriniň, Aşgabat şäher we welaýat düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoly geçirildi.
Bu çärede gatnaşyjylar Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kanunynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaşlary zyýanly endiklerden goramak, olaryň psihlogiki we fiziki ýagdaýynyň ösmegi, saglygyny goramak ugrunda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň netijelerini jemlemek we bu ugurda täze döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada özara hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG-niň degişli agentlikleri bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde yzygiderli geçirilýän çärelere, maslahatlara we tegelek stollaryna Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.
Türkmen ýaşlarynyň we sportuň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli we bütin adamzat ähmiýetli işleriniň has-da rowaçlanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.