Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy «Aziýanyň Kubogy – 2027»-niň saýlama tapgyryndaky çykyşyna ýeňiş bilen başlady. Duşuşyklary Tailandyň Çonburi şäherinde geçirilýän «F» toparynyň ilkinji duşuşygynda türkmen futbolçylary Yragyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Duşuşykda hasap 15-nji minutda açyldy. Yragyň goragçysy Karrar Al-Saidi öz jerime meýdançasynda topa eli bilen degip, düzgüni bozansoň, bellenen jerime urgusyny Ýakupmuhammet Gowşudow takyk ýerine ýetirip, türkmen ýygyndysyny öňe çykarmagy başardy.
Ikinji ýarymda yrakly futbolçylar deňligi dikeltmegi başardylar. 59-njy minutda Sajjad Hüseýin Jasym Al-Saidanyň uzyn aut zyňyşyndan soň Moamel Malik Sabah Alşawi güýçli hem-de takyk urgy bilen topy derwezäniň ýakyn burçundan geçirdi.
Emma türkmen futbolçylary özlerini ýitirmän, tiz wagtda ýene-de öňe çykdylar. 77-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudowyň nobatdaky howply urgusyndan soň Yragyň derwezebany topy diňe öňüne serpikdirip bildi. Serpikdirilen topa ilkinji bolup Weýisgeldi Orazdurdyýew ýetip, ýeňiş goluny derwezä gönükdirdi.
«F» toparynyň beýleki duşuşygynda ýaryşyň eýesi bolan Tailandyň ýygyndysy BAE-niň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna çykmak ugrundaky göreşiň diýseň dartgynly bolmagyna garaşylýar. Saýlama tapgyryna jemi 31 ýurduň ýygyndysy gatnaşyp, olar sekiz topara bölündi.
Final tapgyrynda 15 orun ugrunda göreş alnyp barylýar. Toparlaryň sekiz ýeňijisi hem-de ikinji orny eýelän iň gowy ýedi ýygyndy ýaryşyň eýesi bolan Hytaýyň topary bilen bilelikde 20 ýaşa çenli futbolçylarynyň 43-nji Aziýanyň Kubogynyň (AFC U20 Asian Cup™) final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýaşlar üçin Aziýanyň Kubogynyň final tapgyry 2027-nji ýylyň 24-nji martyndan
10-njy apreline çenli Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.