Şu günler Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde dowam edýän VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy alty medal gazandy. Türkmen türgenleriniň hasabynda häzirlikçe iki altyn, üç kümüş we bir bürünç medal bar.
Altyn medallary türkmen milli göreşi boýunça 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Annagurban Allaberdiýew we «alyş» guşakly göreşiniň erkin görnüşinde 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Nurmuhammet Baýdogdyýew gazandy.
«Alyş» guşakly göreşinde türkmen türgenleri kümüş medullaryň 3-sine mynasyp boldy: Mekan Nurberdiýew (nusgawy görnüş, 80 kg çenli), Abdyresul Durdyýew (erkin görnüş, 60 kg çenli) we Sylapberdi Nuryýew (erkin görnüş, 80 kg çenli).
Bürünç medaly bolsa 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde kuraş boýunça çykyş eden Kemal Kemalow gazandy.
VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Oňa dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan türgenler gatnaşyp, etnosportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşýärler.