Ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen bir hatarda olaryň sagdyn ýetişmekleri we zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen ýurdumyzyň degişli guramalary tarapyndan yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda hem Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda birnäçe sport çäreleri ýokary guramaçylykda geçirildi.
Muňa bolsa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan welosipedli syýahaty agzap geçmek bolar. Soltan-Sanjar ýadygärlikler toplumyndan badalga alan welosipedçiler welaýatyň 8-nji sport mekdebine, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna, 4-nji sport mekdebine syýahat etdiler we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda sport çärelerine we ýaryşlaryna syn etdiler.
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp Mary welaýatynyň Kemine teatrynda «Sagdyn durmuş ynsan bezegidir» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebinde irdenki maşklar geçirildi we sportuň birnäçe görnüşleri boýunça sport ýaryşlary guraldy.
Şeýle-de, sport mekdepleriniň tälimçileriň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda futbol meýdançasynda sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlar ýerine ýetirildi.
Sapar SAPAROW,
Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygy.