Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda bu guramanyň «Çäksiz nesil» atly Global hyzmatdaşlygy we Ýaşlar babatda Strategiýasy kabul edildi. Ady agzalan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ýaşlaryň bilim almak, hünär taýýarlygyny üpjün etmek ýaly mümkinçiliklerini artdyrmagy we ýaşlaryň ykdysady hukuklarynyň gerimini giňeltmegi öz içine alýar.
Şonuň bilen birlikde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň Gün tertibinde hem ýaşlaryň we ýetgenjekleriň meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalary we ýaşlary durmuş taýdan goramak ulagamy boýunça hyzmatlary kämilleşdirmek üçin oňyn döwlet maksatnamalary amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gol çekilen Hyzmatdaşlyk Maksatnamalarynyň birnäçesini amala aşyrmak üçin ulgamlaýyn esasda dürli ugurlar boýunça anyk işler durmuşa geçirilýär.
Bilşiňiz ýaly, 2019-njy ýylyň başynda BMG-niň edaralary (UNICEF, UNFPA we UNDP) bilen bilelikde geçirilen global seljermeleriň çäklerinde degişli işler durmuşa geçirilip, ýurdumyzda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýy, olaryň psihlogiki we fiziki ýagdaýynyň ösmegi, saglygyny goramak ugrunda döwlet maksatnamalary taýýarlanylanda, olara halkara tejribelerini ornaşdyrmak üçin birnäçe teklipler berildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işleri utgaşykly alyp barmak hem-de halkara tejribesini ornaşdyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda tegelek stoly geçirildi.
Tegelek stoluň netijesi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň işini seljermek, oňa baha bermek we jemlemek, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin täze döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan Iş toparynyň düzümi bellenilen tertipde ylalaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň mejlisler zalynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça döredilen Iş toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi.
Bu çärä Iş toparynyň düzümine girýän ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy we harby edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, olar Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga hünär öwrenmäge, döredijilikli hem yhlasly zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek ugrunda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak hem-de bu ugurda öňde duran wezipeler barada pikirleri alyşdylar.
Gahryman Arkadagymyz, 2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň dowamynda, soňra şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda, dünýäde kompýuter we maglumat ulgamynyň ösmegi bilen, çagalar ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýärler, munuň özi hereketsiz durmuş ýagdaýyna, görüşiň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär, diýip nygtap geçdi we bu barada özüniň anyk tabşyryklaryny berdi.
Sarpasy belent Prezidentimiz, Bu diňe ministrlikleriň ýa-da bir pudagyň we toplumyň wezipesi däldir. Tutuş döwürleýin ähmiýetli wezipedir, diýip belledi.
Görşüňiz ýaly, çagalar, ýetginjekler, ýaşlar, umuman aýdanymyzda ýaş neslimiz hem-de olaryň gündelik durmuşy we bagtyýar gelejegi bilen bagly meseleler hemişe Arkadag Prezidentimiziň üns merkezinde saklanylýar.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň Iş Meýilnamasy, ýagny Ýol kartasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Täze döwlet Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylanda, sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, bu ugurda anyk çäreler arkaly döwrebap çemeleşmelidigini aýratyn bellemek bolar.
Ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň we bilim ministriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, orta mekdepleriň 7-14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Ýaşlar biziň geljegimizdir. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzda ýaş neslimiziň bagtyýar durmuşy we geljegi barada elmydama tükeniksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys.
Ýaşlaryň hak howandary Mähriban Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw edýäris!
ÝALKAPBERDI AŞYRMYRADOW
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.